Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Kuweýt Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Majdi Ahmad Al Dhafiriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Birek-birek bilen salamlaşanlaryndan soň, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňe gidýän ösüşini bellediler. Muňa iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda bar bolan doganlyk we özara ynanyşmak gatnaşyklary, saparlar we syýasy geňeşmeler şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-kuweýt toparyny döretmegiň maksadalaýyklygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar ulag geçelgesiniň üstaşyr mümkinçiliklerini ulanmak meseleleri boýunça işewür duşuşygyny guramak mümkinçiligine seretdiler.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda ylym we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we berkitmegiň ähmiýeti hakynda bellenilip geçildi. Mundan başga-da, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyplygyny belläp geçenlerinden soňra, taraplar Türkmenistanda we Kuweýt döwletinde dürli medeni çäreleri guramagyň mümkinçiliklerine seretdiler.