Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Garnik Badalýany kabul etdi. Оl döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. 

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýanyň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Türkmenistany Ermenistan bilen öňden gelýän dostluk gatnaşyklary we soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Armen Sarkisýana mähirli salamyny aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we okgunly häsiýete eýedigini, munuň bolsa umumy bähbitlere laýyk gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. 

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we ilçi köpugurly kuwwata, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda uly mümkinçiliklere eýe bolan türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, köp ugurlary öz içine alýan kadalaşdyryjy-hukuk binýady döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şunda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Bu topar gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmelidir. 

Ynsanperwerlik ulgamy türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar, bu babatda netijeli hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy. Şunda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde medeni hem-de ylym-bilim, sport hyzmatdaşlygyny höweslendirmäge we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. 

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Ermenistan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde hoşniýetli arzuwlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan hoşmeýilli erk-islege daýanýan hem-de özara hormat goýmak we netijelilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.