Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Hormatly nebitçiler, 
gazçylar we geologlar! 

Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda giňden bellenýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin. 

Türkmenistan Watanymyz ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirýäris. Muňa nebitgaz toplumynda amala aşyran we amala aşyrýan iri taslamalarymyz, hususan-da, dünýäde uly gyzyklanma döredýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy aýdyň mysal bolup biler. Häzirki wagtda bu iri transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Geljekde hem ýangyç-energetika toplumynda şunuň ýaly sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolar. 

Biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagy, onuň düzümini täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna baýlaşdyrmagy maksat edinýäris. Bu babatda tebigy gazy gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmegi ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda hem bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda şu ýyl gurlup, ulanmaga berlen Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny, şeýle hem Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan tebigy gazdan ýylda 600 müň tonna “Euro — 5” ölçegiň ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli ýokary hilli benzin öndürjek zawody görkezmek bolar. Bu iri önümçilikleriň ählisi ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge hem-de dünýäde uly isleg bildirilýän harytlary öndürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmaga ýardam berer. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzda nebithimiýa pudagyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Bu ugry ösdürmek, baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak, energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Euro — 5” standartlaryna laýyk gelýän 

«EKO — 5» kysymly milli dizel ýangyjynyň hem-de polipropilen örtüginiň öndürilip başlanmagy hem bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. 

Gadyrly nebitgaz we 
geologiýa pudagynyň 
zähmetsöýer işgärleri! 

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ählumumy hem-de sebit derejelerinde ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň üçin nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze tehnologiýalar boýunça iş alyp barmak zerurdyr. 

Gujur-gaýratly, zähmetsöýer türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň, geologlarynyň meýilleşdirilen ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn. 

Hormatly nebitçiler, 
gazçylar we geologlar! 

Sizi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW