Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
Bu serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň pudaklaýyn hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlary gatnaşdylar.
Mundan başga-da, bu dabara Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministri hanym Ruhsar Pekjan we Türkiýaniň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Bu serginiň maksady - Türkiýe Respublikasynyň eksport mümkinçiliklerini Türkmenistana tanatmak, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ýola goýlan söwda-senagat ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmekden ybarat bolup durýar.