«Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018» bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
Şu gün Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ýaşlaryň arasynda guralýan “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda ýurdumyzyň iň gowy aýdymlary üçin köp sanly teletomaşaçylaryň beren sesleri jemlenildi hem-de ýeňijileriň atlary yglan edildi.
Her ýyl geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralyp, oňa ýaş ýerine ýetirijiler, kalplary tomaşaçylaryň öňünde öz ussatlyklaryny görkezmek höwesinden doly estrada aýdymçylary gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimiziň, saz sungatymyzyň ösmegine, ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna uly üns bermegi netijesinde, olar öz zehinlerini ýüze çykarmak hem-de hünär ussatlyklaryny artdyrmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Dokuzynjy gezek geçirilýän bäsleşik şu ýyl hem paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli ýaşlary bir ýere jemledi. Bäsleşigiň welaýatlarda geçirilen saýlama tapgyrlaryna halkyň içinden çykan ýaş zehinleriň iki ýüzden gowragy gatnaşdy. Olaryň köpüsi ýylyň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän dürli bäsleşiklere we festiwallara gatnaşyp, tejribe toplan aýdymçylardyr.
Üstünlikli çykyş edip, aýdym aýtmak ussatlygyny görkezmegi başaran ýaşlar nobatdaky tapgyra ýollanma aldylar hem-de “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň sazly gepleşiklerinde çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldular. Bäsleşigiň bu tapgyrynda olaryň ussatlygy köp sanly teletomaşaçylaryň, radiodiňleýjileriň beren sesleriniň — SMS habarnamalarynyň üsti bilen kesgitlenildi.
Jemleýji tapgyr öňki tapgyrda sesleriň köp sanlysyny alan bäsleşige gatnaşyjylaryň 10-syny özünde jemledi. Olar diňe aýdym aýtmak däl-de, eýsem, sungat äleminde üstünlik gazanmak üçin zerur bolýan sahna ussatlygy ýaly häsiýetlerini görkezmeli boldular.
Döredijilik bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşýanlar iki aýdymy ýerine ýetirmeli. Olaryň biri sazsyz aýdylmaly. Türkmen estradasynyň meşhur aýdymçylary, saz sungatynyň ussatlary, teatr artistleri, kompozitorlar we şahyrlar bolsa ýaş kärdeşleriniň çykyşlaryna baha berer hem-de öz seslerini tomaşaçylaryň seslerine goşar.
Şu ýyl bäsleşigiň çäklerinde Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ata Watanymyza, ýakynlaryňa bolan söýgi, halk arasynda meşhur, köpleriň höwes bilen aýdýan aýdymlary, özboluşly çykyşlar ýerine ýetirildi. Aýdym-saz bäsleşigi dostlaryň duşuşygyna meňzäp, şonda her bir bäsleşige gatnaşyjy öz bäsdeşini goldady we üstünlik arzuw etdi, tomaşaçylar bolsa çykyş edenleriň her birini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Bellenen şertler boýunça ýerine ýetirilen çykyşlar tamamlanandan soň, ses sanamak başlandy. Şonuň netijeleri boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi we “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen hormatly derejä ýaş ýerine ýetiriji M.Pirgulyýewa mynasyp boldy. Tomaşaçylar aýdymçynyň ussatlygyna ýokary baha berdiler, ol “Alaja” diýen aýdymyny, halk we estrada aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardy. Aýdymçy gyza “Ýylyň parlak ýyldyzy” nyşany hem-de höweslendiriji baýrak — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ýollanma gowşuryldy.
Bäsleşikde birinji orna Leýli Ökdürowa, ikinji we üçünji orunlara bolsa Rahman Hudaýberdiýew hem-de Söhbet Kasymow mynasyp boldy. Olara şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşyjylara döredijilik üstünlikleri arzuw edildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde, zehinli türkmen ýaşlarynyň öz döredijilik mümkinçiliklerini doly açyp görkezmek boýunça ähli şertleriň bardygyny aýratyn bellediler.