Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby Halkara kosmos stansiýasynda

Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) işleýän, Türkmenistanda doglan Russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko, kosmosda alnan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ” atly kitaby bilen duran suratyny iberdi.

Oleg Kononenko biziň ýurdumyza hemişe aýratyn göz bilen garaýandygyny, özüniň Türkmenistan bilen baglanşygynyň bardygyna buýsanýandygyny hem-de onuň üstünliklerine çyn ýürekden begenýändigini belleýär.  2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda başlan özüniň HKS-na nobatdaky missiýasynda Oleg Kononenkonyň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny ýany bilen almagy ýöne ýerden däldir.

Şu jähtden ugur alyp, kosmonawt Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada alnyp barylýan syýasatyň gymmaty we giň göwrümli maksatlaryň hem-de geljekde bu möhüm ugurda biziň ýurdumyzyň paýyna düşýän wajyp orny barada belledi.

Türkmenistanyň başlangyjy hem-de 23 döwletiň goldamagy bilen 2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen sessiýasynda “Medeni hukuklara ählumumy  hormat goýulmagyna ýardam etmek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny höweslendirmek” hakyndaky Bilelikdäki beýannamanyň kabul edilmegi, onuň dünýäde uly goldawa eýe bolýandygy kanunalaýykdyr.

Halkara kosmos stansiýasyna ekpedisiýada Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň bolmagy, geçip barýan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda ýurdumyzyň gazanan ösüşlerine, Türkmenistanyň global ösüşiň häzirkizaman tendensiýalarynda durnukly ulag ulgamyndaky işleri, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerimli işinde tutuş adamzadyň ösüşine goşýan goşandy bilen bagly zähmetine şaýatlyk edýär.