TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BGG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Bütindünýä Gümruk Guramasynyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy, Guramanyň Baş sekretaryny ýetip gelýän Halkara gümruk gullugynyň güni bilen, şeýle hem, onuň 2009-njy ýyldan bäri işleýän Baş sekretar wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady.

Soňra, taraplar Türkmenistan bilen BGG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmek bilen bagly soraglaryň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaý-nazardan ugur alyp, “Türkmenistanyň Hökümetiniň Bütindünýä Gümruk Guramasy bilen bilelikde 2019-njy ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki iş maksatnamasyny” işläp taýýarlamak teklip edildi.

Mundan başga-da, 2019-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanda BGG hem-de BMG-nyň Söwda we ösüş konferensiýasy (ÝUNKTAD) guramasy bilen bilelikde “Maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen gümruk tertibini ýeňilleşdirmek boýunça halkara seminaryny” geçirmek baradaky meselä seredildi.