TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TUNIS RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tunis Republikasynda iş saparynda boldy. Türkmenistanyň wekiliýeti Tunis Republikasynyň Prezidenti Beji Kaid Es Sebsi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Tunisiň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur hormatyny beýän etdi hem-de häzirki döwürde türkmen-tunis gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmeginiň wajyplylygyny nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, iki döwletiň halkara giňişliginde, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri barada nygtaldy.
Tunis durnukly ulag, öňüni alyş diplomatiýasy we köpçülikleýin sport ýaly ulgamlar boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna esaslanýan we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan goldanan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň rezolusiýasynyň birnäçesiniň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.
Söwda we ykdysadyýet ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet bilen garaldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň çäklerinde Tunisiň Prezidenti hökümet we ministrlikleriň derejesinde wekiliýetleriniň saparlaryny gurnamagy teklip etdi, hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugrunda işlejek bilelikdäki iş toparyny döretmek baradaky başlangyjyny beýan etdi.
Şol günüň dowamynda, Tunisiň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Tunisiň wekiliýetleriniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryna degişli meseleleriň giň gerimi boýunça gepleşikler hem geçirildi. Tunisiň wekiliýetine Daşary işler ministri Humais Žinaui ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Tunisiň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Tunisiň Daşary işler ministrliginiň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Tunisiň Ylmy-barlag we bilimler diplomatik institynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti Tunis Respublikasynyň Ösüş, maýa guýumlary we halkara hyzmatdaşlygy ministri Zaýed Al Azari bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar maýa goýumlary, senagatçylyk, söwda we oba hojalygy ýaly pudaklarda gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Iki ýurduň arasynda maýa goýum we salgyt ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi barada ylalaşyldy. Hususan-da iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür wekiliýetleriniň özara alyşylmagy, işewür forumlarynyň guralmagy hem-de Türkmenistanda we Tuniste geçirilýän halkara maslahatlaryna, sergilere we ýarmarkalara hökümet ulgamynyň we kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek meselesi barada ylalaşyldy.