TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI «TÜRKMENISTANYŇ HOWPSUZLYK BABATDA ILERI TUTÝAN UGURLARY» BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-nji ýylyň 11-nji fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň howpsuzlyk babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi.
Beýannamada, Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alýar. Türkmenistan ýaragsyzlanmak, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny we beýleki ýaraglaryň görnüşlerini ýaýratmazlyk, terrorçylyk, ekstremizm, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek babatda döwletleriň bilelikdäki tagallalaryny halkara bileleşigiň işinde ileri tutulýan ugurlar hasaplaýar.
Türkmenistanyň howpsuzlyk babatda ileri tutýan ugurlary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geosyýasy manyda bolşy ýaly, onuň anyk jähtlerini özarabaglanşygy nukdaýnazaryndan bu düşünjäniň bütewiligi we bölünmezligi düýpli konsepsiýasyna esaslanýar.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi teklip edendigi aýratyn bellenildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy we beýleki howplara garşy göreşde öz işini Birleşen Milletler Guramasy bilen utgaşdyrýandygy aýdyldy. Türkmenistanyň BMG bilen strategiki hyzmatdaşygy uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolup, ahyrky netijä meňzeş ýörelgeleri we garaýyşlary esasynda ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Şunlukda terrorçylyga garşy hereket etmegiň netijeli halkara mehanizmlerini döretmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldamak bilen Türkmenistan BMG-niň Ählumumy terrorizme garşy strategiýasyny dolygyna durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Mundan başga-da ýygnaga gatnaşyjylara, Türkmenistanyň beýleki döwletler, şeýle hem abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ysnyşykly özara alyp barýan hyzmatdaşlygy, hem-de 2019-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝHHG-niň bilelikde guramagynda “Terrorçylygy we guramaçylykly jenaýaty maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek” temasy boýunça geçiriljek halkara maslahaty barada habar berildi.