BUHARESTIŇ YKDYSADY BILIMLER UNIWERSITETINIŇ WEKILIÝETINIŇ AŞGABADA SAPARY

2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Buharestiň Ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudoryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda duşuşugy boldy.

Duşuşygyň barşynda wekiliýetiň agzalary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Türkmenistanyň halk hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işi bilen tanyş boldular. Soňra taraplar gepleşikleri geçirdiler we olaryň barşynda ylym, bilim we sanly ykdysadyýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajyplygyny aýratyn belläp geçdiler. Duşuşyk tamamlanandan soňra rumyn ýokary okuw mekdebiniň professorlary institutyň talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdiler.

Soňra Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň Ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda bilim we ylmy-barlag hyzmatdaşlygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtmanamany ýerine ýetirmek boýunça 2019–2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Gol çekmek dabarasyndan soňra wekiliýetiň agzalary institutyň ýöriteleşdirilen okuw otaglarynyň işi bilen tanyşdylar.

Buharestiň Ykdysady bilimler uniwersitetiniň wekiliýetiniň Aşgabada sapary dowam edýär.