TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «HAZAR DEŇZI – GARA DEŇIZ» HALKARA ULAG UGRUNYŇ DÖREDILMEGINIŇ TASLAMASY BOÝUNÇA DÖRTTARAPLAÝYN DUŞUŞYGA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ugrunyň döredilmeginiň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýörite duşuşygynyň gün tertibine «Gündogar-Günbatar» ykdysady hyzmatdaşlygynyň geografiki ugrunyň möhüm bölegi bolan täze ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegi bilen bagly bolan meseleler girizildi. Bu mazmunda ministrler gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.  

Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar Buharest Jarnamasyny kabul etdiler.  

Şol gün Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşuk geçirildi.

Gepleşiklerde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk, ÝB-Merkezi Aziýa formatynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmek we Rumyniýanyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde häzirki başlyklyk etmegi bilen birlikde halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Mundan başga-da 4-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda taraplar Azerbaýjan Respublikasynyň baştutanynyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda iki ýurduň Prezidentleriniň gazanan ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilmegine ünsi çekdiler. Goňşy döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösdürilýändigi bellenilip geçildi. Ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibi, özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de halkara mowzuklary boýunça meseleleriň giň toplumyny öz içine alýan syýasy geňeşmeleriň yzygiderli esasda geçirilmegi maksady bilen daşary syýasat edaralarynyň derejesinde gatnaşyklary dowam etdirmek babatynda ylalaşdylar.  (BUCHAREST STATEMENT)