“Aziada-2017” nyşany Hasan dagynda mahabatlandyryldy

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlamagyna 200 gün galmagy mynasybetli, Ilçihanamyzyň hemaýaty we goldamagy esasynda, “Türkiýeniň iň belent dag gerişlerinden biri bolan Hasan dagynyň gerşine çykmak, ol ýerde Aziada-2017-niň nyşanyny hem-de döwlet baýdagymyzy galdyrmak” çäresi guraldy. 

Bu çärä, 4 topardan ybarat Türkiýäniň Ankara, Stambul we Konýa alpinist sport klublarynyň alpinistleri bilen bir hatarda Türkmenistan döwletimiziň adyndan Türkiýäniň Aksaraý uniwersitetiniň Sport bilimleri bölüminiň 3-nji ýyl talyby ýaş alpinist Agajan Gurbandurdyýewiç Öwülýakulyýew hem gatnaşdy. 

Türkiýäniň Hasan dagy wulkanik dag bolup, iň beýik gerşi deňiz derejesinden 3268 metr belentlikde ýerleşýär. 

Ýaş alpinist A.G.Öwülýakulyýew özüniň ussatlygy bilen 3268 metr beýiklikde bolan Hasandagyna üstünlikli dyrmaşmagy we dagyň üstüne çykyp, Türkmenistanyň Ýaşyl Tuguny parlatmagy hem-de Aziada-2017-niň nyşanyny dag gerşinde sergilemegi başardy.