Samsunda "Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly hem-de Milli Bahar baýramy Nowruz" joşguny

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy bilen Türkiýäniň Samsun şäherinde ýerleşýän 19-njy maý uniwersiteti 2017-nji ýylyň 21-22-nji martynda, Türkmenistanda 2017-nji ýylyň “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýilip yglan edilmegi we V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işlerimizi wagyz etmek maksady bilen, 19-njy maý uniwersitetinde okaýan türkmen talyplarymyzyň gatnaşmaklarynda “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly hem-de Milli Bahar baýramy Nowruz” atly medeni-sport çärelerini geçirdi. 

Medeni-sport çärelere, bu uniwersitetde ýokary bilim alýan türkmen talyplary, uniwersitetiň ýolbaşçylary we mugallymlary, daşary ýurtly talyplar, habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çäreleriň dowamynda 19-njy maý uniwersitetinde ýokary bilim alýan türkmen talyplarymyzyň çykyş etmeklerinde medeni sahnalar, aýdym-saz şowhunlary, şygyrlar okamak we türkmen tanslary guraldy hem-de Türkmenistan döwletimizi hem-de Türkmenistanda geçiriljek V Aziýa oýunlary barada wagyz ediji wideo-rolikler  görkezildi. 
Çäreleriň soňunda gatnaşyjylara türkmen tagamlary hödür edildi. 

Şeýle hem V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işlere bagyşlap talyp ýaşlaryň arasynda futbol ýaryşy geçirildi we ýaryşyň ýeňiji komandasy Türkmenistanyň Ilçihanasynyň sylaglary bilen sylaglandy.