BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GIŇIŞLIGINDE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YKDYSADYÝET WE ULAG MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki çäreler giň gerim bilen başlandy. Gün tertibi örän mazmuna baýdyr.

Günüň birinji ýarymynda Foruma gatnaşmak üçin gelen myhmanlar halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergilerine gatnaşdylar we olaryň barşynda häzirki zaman tehnologiýalaryň hem-de awtosenagat ulgamynyň naýbaşy gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu çäreler Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda geçirildi, çünki port özbaşyna häzirki zaman ösen deňiz kenarýaka infrastrukturasyny emele getirýändir.

Şeýle hem şol gün «Berkarar» myhmanhanasynda hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýet ministrleriniň mejlisi geçirildi. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary derejeli wekilleri ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine, hususan-da haryt dolanşygynyň ösdürilmegine, erkin söwda zolaklarynyň kämilleşdirilmegine, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna degişli we beýleki birnäçe meselelere seredip geçdiler.

Agzalan çäre bilen ugurdaşlykda hazarýaka döwletleriniň ulag ministrleriniň mejlisi hem geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar halkara ýük daşamalarynyň göwrümini artdyrmagyň, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň, üstaşyr ýük akymlarynyň beýleki sebitleriň ýurtlarynyň bazarlaryna diwersifikasiýa edilmeginiň mükinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.   

Ýokarda görkezilen mejlisleriň barşynda şeýle hem hazarýaka ýurtlarynyň işewürler toparynyň wekilleriniň duşyşygy geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar importy we eksporty ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda tejribeleri alyşdylar, şeýle hem sebitleýin ykdysady integrasiýa nukdaýnazaryndan Hazaryň ýokary ähmiýetini belläp geçdiler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi, soňra köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

Günüň dowamynda şonuň ýaly-da birža söwdalaşyklary hem geçirildi, olaryň netijeleri günüň soňunda beýan edildi.