AŞGABATDA ARAL DEŇZINIŇ ÇÖKGÜNLIGINIŇ WE DAŞKY GURŞAWYŇ ÝARAMAZLAŞMAGYNYŇ ÝETIRÝÄN TÄSIRLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Aral deňziniň çökgünliginiň we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň eneleriň we çagalaryň saglyk hem-de iýmit ýagdaýlaryna ýetirýän täsirleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça tegelek stol öz işine başlady. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guraldy.

Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň,  Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň umumy maksady şu ýyl ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Aral deňziniň çökgünliginiň we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň eneleriň we çagalaryň saglyk hem-de iýmit ýagdaýlaryna ýetirýän täsirleri boýunça geçiren baha bermeleriniň netijeleriniň görkezilmeginden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, ÝUNISEF Türkmenistanyň çagalaryň hukugyna gatnaşykda durmuşa geçirýän syýasatyna ýokary berýändir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bu ugurda amala aşyrylan işler ägirt uludyr. Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn eýerýän we dolulygyna berjaý edýän BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasy durmuş hem-de ykdysady şertleri hemmetaraplaýyn gurşap alýandyr. Bu ugurda Türkmenistanyň häzirki hereket edýän kanunçylygy halkara hukuk kadalary bilen dolulygyna gabat gelýändir.