TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NYŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ «2021-NJI ÝYL — HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» ATLY KARARNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2019-nji ýylyň 03-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi.

Beýannamada, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamanyň kabul edilendigi barada bellenildi.

Bu Kararnamanyň kadalary BMG-niň deňlik we dawalary parahatçylykly ýollar arkaly çözmek ýörelgelerine esaslanýan halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça esasy taglymatyna laýyk gelýär.

BMG-niň bu Kararnamasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmegi parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere, hususan-da syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyjyny goldamak bilen, BMG halkara jemgyýetçiligini mundan beýläk hem durnukly ösüşe we howpsuzlyga, hem-de adam hukuklaryna hormat goýmaga ýardam berýän gymmatlyk hökmünde döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyga we ynanyşmaga hemaýat bermäge çägyrýar. BMG bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistana özüniň Bitaraplyk statusyny sebitleýin durnuklylygyň we howpsuzlygyň wajyp faktory hökmünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.