TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YHG-NYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 8-9-njy noýabrynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde Ykdysady Hymatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini we 2025-nji ýyla çenli YHG-nyň ileri tutýan ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça edilen işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de YHG-nyň çäklerinde we onuň daşynda daşary ykdysady gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidilmegi boýunça tekliplere seredildi hem-de sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda Guramanyň goşýan goşandy barada nygtaldy.

Energetika, ulag, aragatnaşyk, ylym we senagat ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň işjeňleşdirilmegi boýunça meselelere aýratyn garaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary YHG-nyň agza ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi. Çykyşyň dowamynda türkmen tarapy ýurtlarymyzyň durnuklylyk, özaragatnaşyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri bilen esaslandyrylan sebitde netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy Guramanyň ösüşiniň görkezijisidigini belledi.