Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz institutyň baş binasyna geldi. Bu ýokary okuw mekdebiniň täze binasy milli Liderimiziň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda açyldy. Ýokary okuw mekdebiniň ak mermere beslenen özboluşly binalar toplumy Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky desgalar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Iň täze enjamlar, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen institutda Içeri işler ministrliginiň düzüm bölekleri üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Okuw işlerinde häzirki zaman ylmy esasynda işlenip taýýarlanylan bilim bermegiň tärleri we usullary işjeň peýdalanylýar.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, iň täze tehniki serişdeleri giňden ornaşdyrmagyň hasabyna bu edaralaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga berilýän ägirt uly ünsüň netijesidir.

...Institutyň merkezi girelgesinde içeri işler ministri M.Çakyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna institutda geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilmegine, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goralmagyna, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny, döredijilikli zähmetini hem-de mynasyp dynç alşyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda bar bolan ähli meseleleriň ýokary derejede çözülmegi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň esasy wezipeleridir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň birkemsiz ýerine ýetirilmegi bu gulluklaryň ähli işgärleri üçin mukaddes borç bolup durýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri öz üstüne ýüklenen borçlary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, özleriniň hünär derejesini ýokarlandyrýarlar, bilimlerini artdyrýarlar hem-de iş ýüzünde gymmatly tejribe toplaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz institutyň işi bilen tanyşlygyny sport zallaryny synlamakdan başlady, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi, şeýle hem talyplaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagyň adamyň bedenini taplaýandygy, onuň ruhubelentlik, işbaşarjaňlyk, çydamlylyk derejesini ýokarlandyrýandygy, özüňe erk etmegi we kesellere garşy bedeniň durnuklylygyny pugtalandyrýandygy hemmelere mälimdir.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň ähli gatlaklary, ozaly bilen bolsa talyp ýaşlar üçin sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde sportuň eýeleýän orny barada aýtmak bilen, munuň diňe bir Içeri işler ministrliginiň institutynyň däl-de, ähli hukuk goraýjy edaralary üçin möhüm ýörelge bolmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bina edilýän durmuş maksatly ähli desgalarda, şol sanda çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen sport zallarynyň bolmagyna möhüm ähmiýet berýär.

Ähli düzümlerde bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem açyk we ýapyk görnüşli sport meýdançalary, ýüzüş howuzlary we türgenleşik zallary hereket edýär. Bularyň ählisi ozaly bilen ösüp gelýän nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagynyň baş şertini emele getirýär hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrýar.

Institutyň çäginde häzirki zaman sport merkezi, beýleki degişli desgalar bar, munuň özi milli Liderimiziň görkezmeleri boýunça sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz “Galkan” gyş sport merkezine bardy, bu ýerde Içeri işler ministrliginiň “Galkan” we ministrligiň garamagyndaky institutyň “Nesil” hokkeý toparlary türgenleşýärler. Merkezde milli, şeýle hem halkara derejelerinde ýaryşlara taýýarlanmak üçin ähli şertler döredilipdir. Bu merkez hokkeý oýnamak üçin niýetlenendir we milli Liderimiziň başlangyjy hem-de tagallalary netijesinde guruldy.

Hokkeýçiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşyladylar. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hokkeýçiler bilen söhbetdeş bolup, olaryň türgenleşikleri, talyp ýaşlaryň okuwlary we umuman, bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Türgenler milli Liderimize türgenleşik geçmekde hem-de sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyz toparlaryň türgenleşiklerini synlap, hokkeýçilere täze ýeňişleri arzuw etdi hem-de olara sport egin-eşiklerini sowgat berdi.

Häzirki wagtda “Galkan” we “Nesil” toparlary türkmen hokkeýinde öňdäki orunlary eýeläp, öz ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrýarlar. “Galkan” topary birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolup, köp sanly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi. “Nesil” hokkeý topary bolsa geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyna mynasyp boldy.

Bu ýokary okuw mekdebiniň çäginde sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredildi. Häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik we sport zallary beden taýýarlygyny kämilleşdirmek üçin niýetlenendir.

Ýokarda bellenilişi ýaly, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaşlar zerur bilimlere we başarnyklara eýe bolmak bilen bir hatarda beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, maksada okgunly bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, sport meýdançalarynyň we zallarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak ýaşlaryň beden taýdan berkemegi bilen bir hatarda olaryň dürli derejede guralýan sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagyny we uly üstünlikler gazanmagyny üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleriň görülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz talyplaryň taýýarlyk ulgamynda sportuň harby-amaly görnüşlerine ilkinji derejeli üns berilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde bar bolan we ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň düzümlerine täze gelip gowşan ýörite tehnikalar, häzirki zaman ýaraglary hem-de enjamlary bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýöriteleşdirilen atyşhana zalyna baryp, bu ýerde bar bolan häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň häsiýetnamalary bilen tanyşdy we nyşana ok atdy. Milli Liderimiziň atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna düşmegi hormatly Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdigini alamatlandyrdy.

Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmak bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli meşgullanýandygy, ýokary netijeleri görkezýändigi hemmelere mälimdir. Bularyň ählisi we şu günki mysal, esasan-da, ýaşlar, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary üçin görelde bolup hyzmat edýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport adamda maksada okgunlylyk häsiýetlerini terbiýeleýär. Munuň özi hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleri üçin esasy ýörelgä öwrülmelidir.

Ok atmagy tamamlap, milli Liderimiz atylan oklaryň nyşana degendigini görkezýän şekili içeri işler ministri M.Çakyýewe gowşurdy. Ministr ony hoşallyk bilen kabul edip, bu maglumatyň ministrligiň muzeýinde möhüm orun eýelejekdigini, şeýle hem onuň ýaşlary uly üstünliklere ruhlandyrýan gymmatlyga öwrüljekdigini aýtdy.

Institutyň binalar toplumyna döwrebap naharhananyň girýändigini bellemeli. Bu ýerde taýýarlanýan tagamlaryň hil derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Tagam taýýarlamakda Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen “Bereketli türkmen saçagy” atly kitap zerur gollanma bolup durýar.

Şu gün naharhanada milli tagamlaryň biri hasaplanylýan burçly unaş taýýarlanypdyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýhasly pederlerimiziň bu tagamyň kömegi bilen ynsan saglygynyň kesele durumlylygyny berkidendikleri mälimdir. Bu ýerde hödürlenýän naharlaryň köpüsi milli tagamlardyr, olaryň ynsan üçin peýdaly bolmagy bilen bir hatarda, ýokumlylyk derejesiniň hem ýokarydygyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.

Institutyň binalar toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, olarda hukuk goraýjy edaralar üçin ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak hem-de okatmagyň ähli ugurlaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýokary okuw mekdebiniň zerur bolan enjamlar bilen üpjünçilik derejesi şunuň ýaly ugurdaş okuw mekdeplerine bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Içeri işler ministrliginiň institutyna önümçiligi Türkmenistanda ýola goýlan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň önümi bolan häzirki zaman kompýuterleriniň 300-sini sowgat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimiziň ýaş pudagy bolan elektron senagatynyň ösdürilmegi sanlylaşdyrmak boýunça Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. Häzirki zaman tehnikalarynyň we döwrebap enjamlarynyň bolmagy, olaryň netijeli peýdalanylmagy Içeri işler ministrligi üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm şert bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow institut bilen tanyşlygyny tamamlap, hemmelere öňde durýan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.