TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” ATLY KITABYNYŇ HYTAÝ DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň hytaý dilinde çapdan çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de daşary ýurtlaryň we milli habar beriş serişdeleriniň  žurnalistleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň hytaý dilinde neşir edilmegine bagyşlanan dabaraly çykyşlar boldy.

Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bu kitabyň türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýetini belläp geçdi we bu kitabyň hytaý dilinde çap edilmeginiň däp bolan dostluk hem-de özarabähbitlilik häsiýetli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has hem pugtalandyrylmagyna ähmiýetli goşant goşjakdygyny nygtady.

Çäräniň barşynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Sýan Bo Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň hytaý dilinde neşir edilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejeliligini görkezmek bilen, hytaý dilli okyjylaryna türkmen halkynyň baý medeniýeti, özboluşly ruhy dünýäsi we gymmatlyklary hakynda giňişleýin öwrenmäge ýardam etjekdigini belläp geçdi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew Milletiň Lideriniň täze eseriniň türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşan saldamly goşandyny beýan edýändigini nygtady.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň prorektory M.Çaryýew ýurdumyzda beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda hytaý diliniň çuňlaşdyrylyp öwrenilmegi ugrundaky tagallalary nygtamak bilen, bu ylmy eseriň daşary ýurt dillerine terjime edilmeginiň talyplar we halkara okyjylar üçin gymmatly gollanma boljakdygyny beýan etdi.

Kitabyň tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu täze binýatlaýyn eseriniň türkmen halkynyň geçen taryhy ýoluna dogruçyl baha bermäge, halkyň milli we medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga hem-de  türkmen halkynyň dünýäniň ykdysady, ylmy we medeni ösüşine goşan bimöçber goşandyna göz ýetirmäge ýardam edýär diýip aýratyn bellediler.

Mälim bolşy ýaly, Milletiň Lideriniň bu eseri türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligiň, Watana ygrarlylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň naýbaşy ýörelgelerini giňden açyp görkezýär. Pederlerimiziň miras goýan taglymatlaryna we öwütlerine sarpa goýmak, parahatçylyk, raýdaşlyk we birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyk saklamak arkaly ählumumy ösüşe ymtylyş eseriň awtorynyň esasy çagyryşy bolup durýandyr.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.