TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy hem-de dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Ol ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriniň ugry boýunça ilerleýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna netijeli häsiýetiň mahsusdygy bellenildi. Düýn wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen “Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň 1-nji mejlisi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu Geňeşiň alyp barýan işleri ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Şol bir wagtda medeni-ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen hyzmatdaşlyk giňelýär we berkeýär.

Sebitiň we dünýäniň käbir möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly meselä degip geçdiler. Bu ýagdaý häzirki wagtda tutuş dünýä bileleşigi üçin uly synaga öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistan we Özbegistan pandemiýanyň döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen netijeli işleri geçirýärler.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň özara peýdaly tejribäni alyşmak üçin ylmy-lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, bilelikdäki tagallalar arkaly bu çylşyrymly wezipäni çözmekde üstünlikleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem telefon söhbetdeşliginiň barşynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriş duşuşygyny geçirmek hakynda mesele gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu duşuşygy 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Bu teklibiň goldanan ýagdaýynda Türkmenistan öňde agzalan mesele boýunça degişli guramaçylyk işine başlamaga taýýardyr. Öňde boljak sammiti geçirmegiň senesi we gün tertibi barada aýdylanda, olary sebitiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ylalaşmak teklip edilýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.