Ankarada Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat sergisi guraldy

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy  we 2020-nji Türkmenistan Bitaraplygyň Mekany ýyly mynasybetli, 2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen TÜRKSOÝ guramasynyň bilelikde guramagynda bu guramanyň edara binasynda “Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty” atly medeniýet we  fotosurat sergisi guraldy.

Bu çäräniň açylyş dabarasyna TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow, Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýäniň Mejlisiniň Türkmen-Türk dostluk toparynyň başlygy Ibrahim Aýdemir we agzasy Bedri Ýaşar, Ankara şäheriniň Çankaýa etrap häkimi Hudaýýar Mete Buhara, EKO-nyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula, birnäçe daşary ýurt ýurtlaryň Türkiýedäki Ilçileri we diplomatlary, ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary, Ankara şäherinde okaýan türkmen talyplary, TRT teleradiokompaniýasynyň, “Anadolu Agentliginiň”, “Diplomatik syn” žurnalynyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda, oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň milli, sebit we halkara ölçeglerde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky ähmiýeti, şeýle hem Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň medeni-ynsanperwer ugry barada Ilçiniň giňişleýin çykyşy boldy. Mundan başga-da, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary D.Kaseinow, Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu we Türkiýäniň Mejlisiniň deputatlary çykyş edip, Türkmenistanyň Bitaraplyk statusunyň ähmiýeti we halkara derejesindäki ornu barada bellediler.

Maslahatyň çäginde TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary tarapyndan Türkmenistan bilen bagly çärelere işjeň gatnaşýandygy üçin Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topça hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplaryny we Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny türk diline terjime etmeklige işjeň gatnaşýan Ankara uniwersitetiniň mugallymy dosent Berdi Saryýewe we Ankara Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň mugallymy dosent Emrah Ýylmaza TÜRKSOÝ-yň “Magtymguly” medaly gowşuryldy.      

Soňra toý bagyny kesmek arkaly medeniýet we fotosurat sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Serginiň çäginde ilki bilen gatnaşyjylar Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmatly kitaplary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň baý medeni mirasy bilen bagly dürli görnüşli fotosuratlar, milli lybaslar, şaý-sepler, saz gurallary we beýlekiler sergilendi.  

Medeni çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen ýakyndan tanyş bolandyklaryny bellediler we bu çäräniň guralmagy boýunça türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Ilçihana tarapyndan türkmen milli tagamlary hödür edildi.

 TÜRKSOÝ-yň edara binasynda açylan “Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ” atly medeni hem-de fotosurat sergisi şu ýylyň 30-njy oktýabryna çenli dowam eder.