Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideorolikler – Ankara şäheriniň merkezi ekranlarynda

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda Türkmenistan BMG derejesinde yglan edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny belleýär we bu wajyp sene mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirilýär.

Şunlukda, Ankara şäheriniň merkezi ekranlarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolanyndan soň 25 ýylyň dowamynda gazanan sepgitleri barada wideorolikler görkezildi. Şeýlelikde, Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty, onuň durnuklylygy, howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmekdäki orny bilen ýakyndan tanyşdylar.

Şeýle hem şäheriň birnäçe ýerlerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy baradaky bannerler ýerleşdirildi.