Giresunda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk Baýramynyň dabarasy

2017-nji ýylyň 26-njy oktýabry Perşenbe güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllygyna bagyşlap Ilçihanamyzyň tarapyndan Giresun uniwersiteti bilen "Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllygy" atly dabaraly çäre geçirdi.
Çäräniň dowamynda maslahat we baýramçylyk konserti guraldy. Çärelere Giresun uniwersitetiniň prorektorlary, professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Giresun şäherinde bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Ilçihananyň birinji sekretary M.Akmämmedow, Giresun uniwersitetiniň prorektorlary Prof. Dr. Mustafa Jin we Prof. Dr. Mustafa Serkan Soýlu, daşary ýurtly talyplaryň utgaşdyryjysy Abdullah Demir çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda, Türkmenistanyň şu günki ösüşi we Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri, Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän meýilnamalar we taslamalar barada bellenip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň bilim, ylym we sport ulgamyny ösdürmek babatdaky beýik işlerine dykgatlar çekildi we bu ýyl Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek durmuşa geçirilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejeli dabaraly ýagdaýda üstünlikli geçirilendigi barada giňişleýin maglumatlar paýlaşyldy.
Çäräniň ahyrynda türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde taýýarlanan dabaraly konserte tomaşa edildi.