Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydyr

Şu günki «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky 16-njy Ministrler derejesindäki duşuşugyň dowamynda sebitleýin we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri global wehimleri ýeňip geçmekde hem-de köpugurly sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde Türkmenistanyň işjeň orny barada belläp geçdi.    

Şunlukda, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň energohowpsuzlyk, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdeleriniň ulanylmagy, sebitleýin hem-de halkara ulag-üstaşyr gatnawlarynyň giňeldilmegi ulgamynda Türkmenistanyň başlangyçlara berk ygrarlylygy bellenilip geçildi. 

Taraplar söwda-ykdysady, ulag we energetika hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gyzyklanma bildirdiler we 2021-nji ýylda birinji «ÝB-Merkezi Aziýa» Ykdysady forumyny geçirmek barada ylalaşdylar.  

Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde howpsuzlygyň we durnuklylygyň meselelerine seredildi. Bu ugurda BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine berk ygrarlylygy bellenilip geçildi. 2011-nji ýylda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň we Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. 

Duşuşyga gatnaşyjylar terrorçylyga, transmilli guramaçylykly jenaýata, adam söwdasyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we kiberhowpsuzlyk wehimlerine  garşy göreşmek ulgamynda Merkezi Aziýanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam edilmegine gyzyklanma bildirildi. Bu ugurda türkmen tarapy MA-ÝB-BMG formatyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine çagyrdy.

Taraplar şonuň ýaly-da owganara parahatçylykly gepleşikleriniň ilerledilmegini hem ara alyp maslahatlaşdylar, Owganystanyň hemmetaraplaýyn dikeldilmegine ýardam bermegiň zerurlygy nygtaldy. Türkmenistanyň TOPH gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy, Türkmenistandan Owganystana demir ýollarynyň çekilmegi bilen bir hatarda Owganystanyň gatnaşmagy bilen iri infrastruktura taslamalarynyň ilerledilmegi ugrunda işjeň hereket edýändigi bellenilip geçildi.  

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümetiniň şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynyň, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp 2021-nji ýylda ýokary derejeli Halkara forumyň geçirilmegi baradaky başlangyjy goldadylar.  

ÝB-niň Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ynsanperwerlik ugry boýunça özara hyzmatdaşlygyny makulladylar, bilim, ylym, medeniýet, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

«Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky 16-njy Ministrler derejesindäki duşuşugyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.