Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy gutlandy

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň
26 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän "Swiss" myhmanhanasynda resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.
Kabul edişlige Türkiýe Respublikasynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, daşary ýurt Ilçihanalarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de Türkiýede işleýän ildeşlerimiz we bilim alýan türkmen talyplarymyz gatnaşdylar (jemi 500-den gowrak adam).
Resmi kabul edişlige türk tarapyndan hormatly myhman hökmünde, Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz gatnaşdy.
Çäräniň resmi bölüminde çykyşlar boldy. A.Ýyldyz öz çykyşynda ýaňy-ýakynda Türkmenistana gidip gelendigini, ýurdumyzyň soňky döwürde güýçli depginde ösýändigini belledi we “Türkmen doganlarymyz Türkmenistanyň şan-şöhratyna laýyk gelýän paýtagt şäheri gurupdyrlar”, diýip nygtady.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, türkmen milli sazlarynyň astynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.