ANKARA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ HORMATLY PREZIDENTINIŇ “ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA” WE “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” ATLY KITAPLARYNYŇ TÜRK DILINDÄKI NUSGALARYNYŇ TANYŞDYRYŞ MASLAHATY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türkiýäniň Ankara uniwersiteti tarapyndan, Ankara uniwersitetiň rektorlyk binasynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” we “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaplarynyň türk dilindäki nusgalarynyň tanyşdyryş maslahaty hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” mynasybetli ýurdumyzy giňden wasp edýän fotosurat we medeni gymmatlyklaryny beýan edýän sergi geçirildi.

Maslahata Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Ankara uniwersitetiniň Rektory Nejdet Ünüwar, Türkiýäniň Parlamentiniň türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir, toparyň agzasy Bedri Ýaşar, Türkiýäniň Gazi we Hajettepe uniwersitetleriniň rektorlary, Azerbaýjanyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň Türkiýedäki Ilçileri we wekilleri, Ankara uniwersitetiniň professor-mugallymlary we türkmen talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Ankara uniwersitetiniň binasynda Ilçihana tarapyndan guralan Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň gymmatly eserleriniň, fotosurat we ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary ýerleşdirilen sergileriň açylyşy geçirildi.

Bu sergide Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň gymmatly eserleri we kitaplary ýerleşdirildi, Türkmenistanyň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen gatnaşyjylar ýakyndan tanyşdyryldy. Çärä gatnaşan myhmanlar ýurdumyzyň baý medeni gymmatlyklary barada beýan edilýän eserlere uly gyzyklanma bildirdiler we olara birnäçe kitaplar ýadygärlik hökmünde sowgat berildi.   

Soňra agzalan uniwersitetiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” we “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaplarynyň türk dilindäki nusgalarynyň tanyşdyryş maslahaty guraldy. Iki ýurduň milli senalary ýaňlanandan soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri barada beýan edýän wideorolik görkezildi.

 Maslahtyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işler we çäreler, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada beýan etdi. Şeýle hem Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” we “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaplarynyň many-mazmuny barada giňişleýin mälim etdi. 

Şeýle hem maslahatda çykyş eden türk tarapynyň resmi wekilleri Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň gymmat bahaly eserleri barada aýtmak bilen, bu eserleriň türkmen we türk halklary üçin, olaryň medeni gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy babatda örän möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şunuň ýaly gymmatly we möhüm eserleriň türk jemgyýetçiligine we okujylaryna hem gelip gowuşandygy üçin Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çäräniň ahyrynda resmi myhmanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Däp bolşy ýaly, gatnaşyjylara türkmen halkymyzyň milli tagamlary hödür edildi.