Ankara şäherinde Halkara Bitaraplyk Gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

photo

2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahata Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň wekilleri, Ankara şäherinde ýerleşýän Ilçihanalaryň wekilleri, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we onuň ösüşi barada giňişleýin maglumat berildi. Bu babatda aýdylanda,  1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 185 döwletiň ykrar etmeginde “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Kararnamasynyň kabul edilendigi we Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigi, şeýle hem sebitiň ýurtlary we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň tutýan işjeň we oňyn ornunyň BMG we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça we Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň hem-de halkara bileleşiginiň goldamagynda 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilendigi, bu merkeziň sebitde parahatçylyga hem-de howpsuzlyga içerki we transmilli wehimlere we howplara garşy çäreleri görmekde hem-de sebit meselelerini çözmekde möhüm orun eýeleýändigi barada bellenildi. Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly Kararnamany kabul edendigi we Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 döwletiň çykyş edendikleri barada brifinge gatnaşyjylara maglumat berildi.

Şunuň bilen birlikde, halkara bileleşiginiň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şertlerini we ýörelgelerini birkemsiz we gyşarnyksyz berjaý edýändigini göz öňünde tutup, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýyly «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýip yglan etmek baradaky çözgüdi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly XX ýyllygy mynasybetli, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy 193 döwletiň ykrar etmeginde “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Kararnamasyny ikinji gezek kabul edendigi bellenildi.  

Şunuň bilen, ýurdumyzyň 12-nji dekabr gününiň bütindünýä ýurtlary tarapyndan Bitaraplyk güni hökmünde dabaralanmagy maksady bilen, Türkmenistanyň teklibi esasynda şu ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara bitaraplyk güni” Kararnamasynyň kabul edilendigi we bu halkara hukuk resminamasynyň esasynda dünýä taryhynda ilkinji gezek her senäniň 12-nji dekabr gününiň halkara Bitaraplyk güni hökmünde gutlanyljakdygy mälim edildi.

Berilen maglumatlar maslahata gatnaşyjylarda we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi, has takyk aýdylanda, “Halkara Bitaraplyk güni” mynasybetli maglumatlar Türkiýäniň Anadoly habarlar agentliginde, Türk habarlar agentliginde, TRT Awaz we beýleki media habarlarynda beýan edildi.