TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkentde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan Al-Saud bilen duşuşygy geçirildi. 

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýokary derejedäki ygtybarly we yzygiderli syýasy gepleşikler esasynda barha berkidilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.

Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-saud gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary ösdürmek boýunça gyzyklanmalary tassykladylar.

Diplomatlar sebit we halkara derejelerde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň sebitde hem-de onuň daşynda parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi ilerletmek ugrunda çykyş edýändikleri aýratyn bellenildi.