Türkiýäniň Samsun şäherinde Türkmenistanyň 
Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilip geçildi

2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Samsun şäheriniň “Ondokuzynjy maý” uniwersitetinde maslahat geçirildi.

Bu çärä Türkiýäniň Mejlsiniň deputaty Bedri Ýaşar, Ilkadym etrap häkimi Nejattin Demirtaş, “Ondokuzynjy maý” uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Ilçisi çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli özgerişleri we gazanan üstünlikleri barada gatnaşyjylara gürrüň berdi.

Şeýle hem “Ondokuzynjy maý” uniwersitetiniň rektory. Ýawuz Ünal, Türkiýäniň Mejlsiniň deputaty Bedri Ýaşar we Ilkadym etrap häkimi Nejattin Demirtaş çärede çykyş etdiler. Özleriniň çykyşlarynda olar türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçdiler.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmatly eserleriniň we ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Mundan başga-da çärä gatnaşyjylar türkmenistanly talyplaryň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler.