Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellendi

2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän "Şeraton" myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.

Kabul edişlige Türkiýe Respublikasynyň Mejlisiniň käbir deputatlary, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzda işleýän işewür adamlar, daşary ýurt Ilçihanalarynyň, halkara guramalarynyň we Türkiýäniň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de Türkiýede işleýän ildeşlerimiz we bilim alýan türkmen talyplarymyz gatnaşdylar.

Resmi kabul edişlik dabarasyna türk tarapyndan hormatly myhman hökmünde Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministriniň orunbasary Sezaýi Uçarmak gatnaşdy. Şeýle hem, kabul edişlige Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputatlary, türkmen-türk parlamentara dostluk toparynyň türk böleginiň agzalary gatnaşdylar.

Çäräniň resmi böleginde çykyşlar boldy. Çykyşlaryň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy ösdürmek ugrundaky alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitlerş şeýle hem Türkmen-türk gatnaşyklary barada beýan edildi.

Resmi kabul edişlik dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň kitaplarynyň, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň we ýurdumyzyň gözelliklerini wasp edýän suratlaryň sergisi guraldy hem-de Türkmenistan barada tanyşydyryş wideolary görkezildi.

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, türkmen milli sazlarynyň astynda myhmanlara nahar we türkmen milli tagamlary hödür edildi.