TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapar başlandy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy geçiriler. Ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. 

Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçiriler. Oňa iki döwletiň döwlet we hususy edaralarynyň wekilleri gatnaşar. 

Forumyň barşynda söwda gatnaşyklary giňeltmek, eksport we import, bilelikdäki täze kärhanalaryň döredilmegi, maýa goýum taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.