2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri mynasybetli Metbugat maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri mynasybetli Ilçihana tarapyndan metbugat maslahaty geçirildi.

Metbugat maslahatyna Türkiýe Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, has takygy “TRT Awaz” döwlet teleýaýlymynyň, “Anadoly agentligi”, “Türk habar agentligi”, “TRT Habar” habarlar agentlikleriniň, “Ata-Watan Türkmenistan” we “Diplomatik syn” žurnallarynyň, şeýle hem Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň wekilleri, käbir ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar. 

Maslahatyň dowamynda Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki türkmen topraklarynyň üstünden geçendigini we türkmen halkynyň bu taryhy geçmişini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilendigi bellendi.  

Şu maksat bilen, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda ýurdumyzda amala aşyrylýan işler we çäreler barada bellenip geçildi. Hususan-da, ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berildi. Ýakynda, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilendigi we munuň diňe ýurdumyz we sebitimiz üçin däl-de, eýsem, tutuş dünýä üçin hem strategik ähmiýete eýedigi bellenildi. 

Şeýle hem, bu ýylda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çäreleri barada maglumat berildi. Bu babatda aýdylanda, 2018-nji ýylyň fewral aýynda «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan» elektrik geçiriji ulgamynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny işe girizmek dabaralarynyň geçirilýändigi bellenildi.  

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty, dünýä ösüşiniň meseleleri, ýagny sebit we global howpsuzlyk, ulag howpsuzlygy bilen bagly möhüm halkara başlangyçlary barada nygtaldy. Ulag ulgamyny ösdürmek babatda Türkmenistanda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işler, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek babatdaky çäreler hakynda we ýurdumyzda geçiriljek ulag ulgamyny ösdürmek boýunça halkara maslahaty barada beýan edildi. 

Ýokarda agzalanlardan başga-da, ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan işler, Aziada-2017-niň üstünlikli geçirlendigi we onuň ýurdumyz üçin taryhy ähmiýeti hem-de netijeleri, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionaty dogrusynda mälim edildi. 

Metbugat maslahatynyň ahyrynda çärä gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.