ANKARA ŞÄHERINDE BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 3-nji iýunynda “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Eýmir kölüniň daş-töwereginde welosiped ýörişi geçirildi.

Köpçülikleýin welosiped ýörişine Ilçihananyň işgärleri, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BDS) Türkiýedäki merkeziniň, TRT döwlet teleýaýlymynyň, Anadolu Ažans (AA) köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň, käbir daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri we Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Agzalan sport çäresi welosiped sporty bilen meşgullanmak üçin ýörite niýetlenen Eýmir kölüniň kenarynda geçirildi.  

Sport çäresiniň başynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň liderliginde Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler, gurulan halkara standartlara laýyk sport desgalary, ýurdumyzda geçirilýän halkara sport bäsleşikleri we çäreleri, bularyň netijesinde türkmen sportunyň milli we halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri barada beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi we her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde dabaralanýandygy bellenip geçildi.

Sport çäresine gatnaşyjylar welosiped sportunyň adam saglygyna peýdaly bolup durýandygyny nygtamak bilen, Halkara welosiped gününi döretmek barada başlangyjy öňe süren Gahryman Arkadagymyza uly hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem ýurdumyzdan sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli çäreler mynasybetli Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa köp sagbolsun aýtdylar.

Şeýle hem çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara milli türkmen tagamlary hödür edildi.