SOŇKY HABARLAR
ANKARA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET, SUNGAT WE SURAT WE SERGISI AÇYLDY
2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de TÜRKSOÝ halkara medeniýet guramasy tarapyndan, Ankara şäherinde Türkiýäniň Milli kitaphanasynyň Kongresler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” mynasybetli ýurdumyzy giňden wasp edýän fotosuratlaryň we medeni gymmatlyklaryň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Açyly...
ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda iki ýurduň diplomatik gulluklarynyň arasyndaky ysnyşykly özara hereketleriň netijeliligi aýratyn bellenilip geçildi. Diplomatlar şeýle-de sebit hem-de halkara gün te...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖŇ GAZANYLAN YLALAŞYKLARYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän öňde duran çäreleriň tertibine hem...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN BOÝUNÇA DOHADA GEÇIRILÝÄN HALKARA DUŞUŞYGA GATNAŞÝAR
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de «Таliban» hereketiniň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň barşyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça halkara duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Katar Döwletiniň Doha şäherinde bolýar. Arasynda BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň wekilleri bolan duşuşyga gatnaşyjylar par...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mundan başga-da çärä Hazarýaka ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň ýo...
DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENILEN HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 10-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana gelen BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşygy geçirildi. Biri-birleri bilen gyzgyn salamlaşyp, taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen durmuşyň ähli pudaklaryny öz içine alýan netijeli özara hereketlerini nygtadylar. Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçysy bu halkara düzümiň hemmetaralaýyn kanunylyg...
MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA BAGYŞLANAN YKDYSADY WE MEDENI UGURLAR BOÝUNÇA SERGILER
Şu gün, 6-njy awgustda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň iki günlük halkara sergisi öz işine başlady. Halkara serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabaras...