SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Taraplar şeýle-de hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary b...
DAŞARY IŞLER MINISTRI UKRAINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISINI KABUL ETDI
2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri we öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, giň gerimli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen iş ýüz...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň özüniň ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy wezipesinde Türkmenistandaky işini tamamlaýan Ilçi Natalýa Drozd bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň derwaýyslygy bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝHHG bilen ylalyşykda Ýörite meýilnama kabul edilýär, onda ÝHHG-...
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY DEREJELI WEKILIÝETI ÝEWRAZIÝANYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary boldy. 30-njy aprelde ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Kazan ratuşasynda geçirilen Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Wise-premýer Türkmenista...
GADYMY DESSURLARA WE KÖPASYRLYK DOSTLUKLY GATNAŞYKLARA YGRARLYLYK
2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi, onuň barşynda özarabähbitli türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän ýurduň Baş metjidinde agzaçar sadakasyn...
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝARAGSYZLANMAGYŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama guramasy bilen bilelikde “Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek: ýaragsyzlanmak babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygy berkitmek” atly halkara maslahat guraldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň giriş sözünde türkmen tarapynyň ýaragsyzlanmagy we ýaýratmazlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn tagallalary iş...
TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ DERWAÝYS UGURLARY KESGITLENILDI
2021-nji ýylyň Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy we utgaşdyryjy komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, ýurduň beýleki degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşyga...