SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY UGRY ÜSTÜNLIKLI AMALA AŞYRYLÝAR
Türkmenistanyň paýtagtynda we sebitlerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wajyp çäreler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, dekabr aýynyň başynda hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady. Şu gün sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň güni bilen dabaralandyryldy. Günüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasy işinde ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän dürli ugu...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝURDUŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 –ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP MEDAL GOWŞURYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly medal bilen sylaglanyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek barada Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Ýokary derejeli sylaglara diňe bir Türkmenistanyň raýatlary mynasyp bolman, eýsem, köpýyllyk päk...
ÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Nobatdaky duşuşyga şeýle hem BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença, BMG-niň Baş sekretarynyň M...
Türkiýäniň Parlamentinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Türkmen-Türk parlamentara dostluk topary tarapyndan bu ýurduň Mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, Türkiýäniň Mejlisiniň türkmen-türk dostluk toparynyň başlygy, deputat Ibrahim Aýdemi...
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ AZERBAÝJAN DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda, Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary,...
DAŞARI IŞLER MINISTRINIŇ OWGAN YSLAM RESPIBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda TDIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Owganystanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisiniň adyna gutlaglaryň we mähirli arzuwlaryň aýdylmagy bilen başlandy. Taraplar türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara ygrarlyl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNYŇ UKRAIN DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ukrain dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, ukrain dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy. Tanyşdyrylyş d...