RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Iýul

TÜRKMENISTANA BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ SYNÇYSY DEREJESI BERILDI

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmä  seredildi.   Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda w...

DOWAMY
pic
20 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI

2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa we ÝHHG-n...

DOWAMY
pic
17 Iýul

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI WE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, taraplar...

DOWAMY
pic
17 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we Ç.Aýdarbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  Hususan-da, diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. T...

DOWAMY
pic
17 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «MERKEZI AZIÝA – HYTAÝ» FORMATYNDAKY MINISTRLER DEREJESINDÄKI BIRINJI DUŞUŞYGA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşygyna sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik ug...

DOWAMY
pic
15 Iýul

BSGG-NIŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA BOLAN SAPARYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BRIFING

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri boýunça brifing geçirildi. Mälim bolşy ýaly, BSGG ÝSE-nyň adatdan daşary ýagdaýlaryň meseleleri boýunça baş hünärmeni Katrin Smolwud missiýa baştutanlyk etdi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Oba hojalyk...

DOWAMY
pic
14 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar üç döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Şu aýyň başynda Türkmenistanyň, Az...

DOWAMY