RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Iýun

AÖB-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň Direktory Çang Çing Ýu bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň barşynda geljegi uly t täze aslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslam...

DOWAMY
pic
24 Iýun

SYÝASY WE YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÖZBEK GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde syýasy we ykdysady meseleler boýunça türkmen-özbek geňeşmeleri onlaýn görnüşinde geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary W.Hajiýew hem-de I.Neýmatow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň zerurlygy hem nygtalyp geçildi. Diplo...

DOWAMY
pic
23 Iýun

METBUGAT ÜÇIN HABAR

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň garşysyna alnyp barylýan çäreler barada nädogry  maglumatlar ýerleşdirilipdir. Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän alamatlary bar bolan raýatlaryň testden geçirilýänligi we hamana olaryň oňaýlyklaryna gözegçilik edilmeýän karantine kesgitli bolmadyk döwür üçin mejbury iberilmeginiň mümkinligi barada nygtalýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şuňa...

DOWAMY
pic
23 Iýun

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ahal welaýatynda boldy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde welaýatdaky täze senagat toplumlarynyň gurluşyk işleriniň barşy we sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, seýle hem «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ir bilen milli Liderimiz dikuçarda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz eksport ugurly önü...

DOWAMY
pic
23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ilerledilmegi babatynda ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti barada...

DOWAMY
pic
22 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞAÝJYLARY HALKARA ÝOGA GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRÄ GATNAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 20-nji iýunynda Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” sport kompleksiniň Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde Halkara ýoga gününe bagyşlanan çäre geçirdi. Diplomatik korpusynyň wekilleri, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň ýoga bilen meşgullanýan ýaşaýjylary çärä çäklendirilen görnüşde gatnaşdylar.  Mälim bolşy ýaly, Halkara ýoga güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministriniň başlangyjy esa...

DOWAMY
pic
20 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, möhüm strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň we sebit hem-de halkara meseleleriniň wajyp ugurlary boýunça ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Söhbetde...

DOWAMY