RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Onlaýn görnüşde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şol sanda Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmenawtoulaglary» döwlet agentliginiň, şeýle hem Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň wekilleri gatnaş...

DOWAMY
pic
20 Maý

GÖZEGÇILIK-GEÇIRIŞ NOKATLARYNYŇ IŞLERINI DOLANDYRMAKDA ULANYLÝAN LUKMANÇYLYK BAŞARNYKLARYNYŇ ÖWREDILMEGI BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ OKUW MASLAHATY

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işlerini dolandyrmakda ulanylýan lukmançylyk başarnyklarynyň öwredilmegi boýunça iki günlük onlaýn okuw maslahaty öz işine başlady. Bu seminar ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi we BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet serhet, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň...

DOWAMY
pic
19 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ EKSPORT MÜKINÇILIKLERI WE IMPORTA BOLAN ISLEGLERI BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dokma senagatynda eksport mükinçilikleri we importa bolan islegleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-Senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly iş maslahaty geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bu duşuşyk gatnaşyjylara Türkmenistan bilen RF-nyň arasyndaky...

DOWAMY
pic
19 Maý

HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÖZBEK BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparynyň nobatdaky üçünji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçdi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisde iki ýurduň döwlet serhetlerinden demirýol we awtoulag ýükleriniň daşalmagy we üstaşyr geçirilmegi babatyndaky özarahereketleriň...

DOWAMY
pic
19 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI SAGLYGY GORAÝŞYŇ BÜTINDÜNÝÄ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Saglygy goraýşyň bütindünýä assambleýasynyň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly 73-nji sessiýasy geçirildi. Sessiýa BSG-niň agza-döwletleriniň Saglygy goraýyş ministrleri we ministrleriň orunbasarlary, BSG ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary we BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşynda Büt...

DOWAMY
pic
15 Maý

TÜRKMENISTAN BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA SYNÇY DEREJESINDE GOŞULMAGYŇ ÝOLUNDA

2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dek şu günüň özünde türkmen tarapy Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmak üçin BSG-nyň Baş direktorynyň adyna arza-hatyny ýollady. BSG-na goşulmagyň amallaryna laýyklykda Türkmenistany...

DOWAMY
pic
14 Maý

MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ SEBITLEÝIN BAŞLANGYJYNYŇ ONLAÝN-TANYŞDYRYLYŞY

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň “COVID-19 pandemiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly sebitleýin başlangyjynyň onlaýn-tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-niň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, şeýle hem MHG-niň agza döwletleriniň Merkezi Aziýadan, Russiýadan we Ýewropadan wekilleri, MHG-niň hünärmenleri, donor guramalary gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş MHG-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utg...

DOWAMY