SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-KOREÝ IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda Türkmen-koreý Işewürler geňeşiniň çäklerinde sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň, «Тürkmendeňizderýaýollary» we «Тürkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Koreý wekiliýetine Günorta Koreý...
TÜRKMENISTANYŇ DEMIRÝOLÇULARY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ “TRANSMAŞHOLDING” PJ BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDILER
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň “Transmaşholding” Paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” APJ-niň we Transmaşholding” PJ-niň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Web-ara alyp maslahatlaşmalary...
INTELLEKTUAL EÝEÇILIK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEGIŇ MESELELERINE BAGYŞLANAN WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY MASLAHAT
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň hem-de Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) halkara bilermenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň başynda, Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň bilermenleri Türkmenistanyň jemgyýetiň bähbitlerine, ykdysady ösüşine goşant goşmak bilen, döredijilik işini we innowasiýalary höweslen...
ULAG ULGAMYNDA TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýollary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Türkmen tarapyna “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk etdi. Owgan tarapyna bolsa Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň baş direktory Mohammad Ýamma Şams ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynd...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BIRNÄÇE HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULMAGYŇ ÝOLUNDA
2020-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň birnäçe halkara resminamalaryna, hususan-da durnukly ulag ulgamyndaky şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesi boýunça iş duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt bilermenleri hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynd...
WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY TÜRKMEN-UKRAIN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edralarynyň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideo aragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-ukrain gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Ş...
SERGILERIŇ HALKARA BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary jenap Dimitri Kerkenzes bilen wideo konferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Wideo konferensiýanyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda dürli meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we EXPO - Dubaý halkara sergisiniň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Onlaýn gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjyla...