SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Şu gün, 24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy, onuň barşynda türkmen Lideri özüniň owgan kärdeşini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini nygtamak bilen, Prezidentler iki ýurduň we halklaryň, şonuň ýaly-da halkara jemgyýetçiliginiň bähbidine gönükdirilen sazlaşykly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY WAJYP MESELELERIŇ BIRNÄÇESINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň gerimini, şol sanda, durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ynanyşmak we açyk häsiýetlere eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklary barada aýratyn belläp geçdiler. Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy...
“TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN MILLI HALYÇYLYK SUNGATYNYŇ” ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ GÖRNÜKLI SANAWYNA GIRIZILENDIGI HAKYNDAKY ŞAHADATNAMA
Şu gün “Türkmenistanda türkmen milli halyçylyk sungatynyň” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi hakyndaky Şahadatnamanyň asyl nusgasy Türkmenistana gelip gowuşdy. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanda türkmen milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK EÝRANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERÝAR
Hoşniýetli goňşuçylygyň asyl däplerine we ýokary adamkärçilik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, doganlyk ýurduň çäginde täze koronawirus ýokanç keseli tarapyndan ýüze çykarylan ýiti respirator keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda Eýran Yslam Respublikasyna gaýragoýulmasyz serişdelerden, şol sanda lukmançylyk esbaplaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi berildi.
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ FORUMY AÇYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin hab...
Türkiýe Respublikasynyň çäginde okaýan we dürli sebäpler bilen ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň DYKGATYNA!
Dünýäde ýiti öýken sowuklama keselini döredýän ýokanç kesel bolan COVID-19 koronawirusyň köpçülikleýin ýaýramagyny we dartgynly epidemiologiki ýagdaýyň dowam etmegini nazara alyp, bu kesele garşy göreşmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan taýýarlanan şu aşakdaky çäreleri amala aşyrmagyň zerurdygy barada mälim edýäris: 1. Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmeli. Çi...
TÜRKMENISTAN WE BMG UZAKMÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYRLAR
2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda ykdysady durnuklylygyň we ösüşiň saklanylmagy, ilatyň durmuş hukuklarynyň goragy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi we ekologiki deňagramlylygynyň saklanylmagy ýaly ileri tutulýan ulg...