SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILIÝETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp, taraplar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltm...
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki» ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasuýa Watanabeni kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, alyp barýan köptaraply işlerinde üstünlikler, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Jenap Tasuýa Watanabe ýolbaş...
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Şolaryň esasylary türkmen paýtagtynda guraldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Irden Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birinde dikeldilen hem-de ata Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANDA ADAM SÖWDASYNA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanmagyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «KAWASAKI» ÝAPON KOMPANIÝASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Kawasaki Heavy Industries,Ltd» kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tasuýa Watanabe bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň sebit hem-de global derejesindäki özarahereketleriniň netijeli häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy ugurlary boýunça şol sanda ýapon işewürl...
Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli bitaraplygyna bagyşlanan ylmy maslahat
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahat geçirildi. Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan foruma Mejlisiň hem-de diplomatik düzümiň wekilleri, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik düzümleriniň hem-de iri halkara guramalarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institu...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komend bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bilelikdäki işiň çäklerinde Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup duran, a...