SOŇKY HABARLAR
Sebitlerde baýramçylyk mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary
Şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Gökdepe etrabynyň sazlaşykly ösýän we ilaty köpelýän künjeginiň suw üpjünçiligini durnuklaşdyrmak maksady bilen, «Ýaňgala» geňeşliginiň çäginde gurlan suw paýlaýjy bekediň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde guralan dabara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýerli edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk joşguny bilen...
ÇAGANYŇ IRKI ÖSÜŞI BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNYŇ AMALA AŞYRYLMAGY BABATDA IŞLENIP DÜZÜLJEK INDIKI ÄDIMLERE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň amala aşyrylmagy babatda işlenip düzüljek indiki ädimlere bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň barşynda Milletiň Lideri degişli Karara gol çekdi. Duşuşygyň işine Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkme...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ 24-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk ” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolba...
ÝURDUMYZYŇ WELAÝATLARYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 24 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHATLAR GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly maslahatlar geçirildi. Bu maslahatlara ýurdumyzda işleýän käbir diplomatik missiýalarynyň, konsullyk edaralaynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatlaryň hakimlikleriniň, Türkmenistanyň DIM-niň welaýatlardaky wekil...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine sebitleri we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, adamlaryň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň halk hoj...
«Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy» atly neşiriň nobatdaky sany çapdan çykdy
Medeni miras ähli döwürlerde nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün edip, milletiň ruhy taýdan ösüşini kemala getirip, onuň taryhy hakydasynyň kepili bolup çykyş edýär. Türkmenistanda döwlet derejesinde halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetine degişli ýadygärlikleri geljekki nesiller üçin aýawly saklamak we öwrenmek işine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 19-njy fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň...
«KamAZ» awtomobilleriniň nobatdaky tapgyry Türkmenistana gelip gowuşdy
Russiýanyň tanymal «KamAZ» kompaniýasynyň awtotehnikasynyň nobatdaky tapgyry paromda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna getirildi. 110 awtomobiliň arasynda köp ýük göterýän ýüküni özi düşürýän awtomobiller, wahta awtomobilleri, ýangyç guýyjy, mikser-awtomobiller we tehnikanyň beýleki görnüşleri bar, olar milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda işlediler. Täze awtomobiller ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň –Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak...