SOŇKY HABARLAR
Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi
Şu gün Atatürk uniwersitetiniň medeniýet merkeziniň «Milli erk» binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresiniň dabarasy Siwas şäherinde başlandy, soňra bolsa Erzurum şäherinde dowam etdi, bu ýerde ýurdumyzyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, fotosergi guraldy, sungat ussatlarynyň konsertleri boldy. Türkmen-türk gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň...
Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady. Şäheriň kongres binasynda bolsa türkmen kinofilmleri görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy strategik...
AŞGABATDA TÜRKMEN-BAHREÝN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar gazanyla...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlar palatasynyň Wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özarabähbitli türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatla...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝB-NIŇ WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
Şu gün,7-nji iýulda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda kabul edilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine degişli bolan meseleleriň giň toplumy boýunça pikirler alyşyldy...
AŞGABATDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILIÝETINIŇ DÖREDILMEGI BARADAKY RESMINAMA GOL ÇEKILDI
2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti hanym Federika Mogerininiň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn syýasy gepleşikler, ykdysady we sebitleýin integrasiýa, şeýle hem me...
ÝB-NIŇ DAŞARY IŞLER WE HOWPSUZLYK SYÝASATY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI FEDERIKI MOGERININIŇ AŞGABADA SAPARY
2019-njy ýylyň 5-nji iýulynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Federika Mogerini Aşgabada iş sapary bilen geldi. Saparyň dowamynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we Daşary işler ministri bilen duşuşyklary geçirer.