SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri, şeýle-de BMG-niň Ösüş...
TÜRKIÝÄNIŇ ÝOZGAT ŞÄHERINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNE BAGYŞLANAN DABARALAR GEÇIRILDI
?Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bellenýän Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýozgat şäherindäki Bozok uniwersitetinde ylmy maslahat geçirildi. Maslahata Türkiýe Respublikasyndan hormatly myhman hökmünde Ýozgat welaýatynyň gubernatory K.Çakyr we Ýozgat şäher häkimi J.Köse, Bozok uniwersitetiniň rektory A.Karadag, şeýle hem bu uniwersitetiň edebiýatşynas profe...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp halkara media-forum geçirildi. Media-foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, syýasatşynaslar hem-de žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşdylar. Halkara media-forumyň başynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «ITOCHU CORPORATION» ÝAPON KOMPANIÝASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen «ITOCHU Corporation» ýapon kompaniýasynyň Dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň täze bellenen başlygy Hiroýuki Tsubai bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Kazan şäherine gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň bolmagyna garaşylýar.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary meýilleşdirilýär. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda resminamalaryň giň toplumyna garalmagy göz öňünde tutulýar.
“ULAG, LOGISTIKA WE DEŇIZ PORTLARYNYŇ DOLANDYRYŞ ULGAMYNY ÖSDÜRMEKDE TÜRKMEN-KOREÝ HYZMATDAŞLYGY” ATLY ÝÖRITE MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda “Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň, Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň degişli edaralarynyň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň diplomatlary, bu ýurduň “Maritime” institutynyň wekilleri şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdep...