SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ MEJLISI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Mejlisiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, Belarus Respublikasynyň Oba hojalygy we azyk ministriniň orunbasary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy W.W.Grakun,...
«ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY» BAÝRAGYNYŇ GOWŞURYLMAGY MYNASYBETLI DABARALAR
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumynyň çäklerinde GDA-nyň «Arkalaşygyň Ýyldyzlary» atly esasy ynsanperwerlik baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Sungat, ylym we bilim ulgamynda gazananlary üçin alymlaryň we medeniýet işgärleriniň on birisi bu baýragyň eýeleri boldular. Arkalaşygyň baýragy Türkmenistanyň wekiline – ýurdumyzyň halk artisti, opera aýdymçysy Atageldi Garýagdyýewe hem gowşuryldy. «Arkalaşygyň Ýyldyzlar...
AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ ХIV FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumy öz işine başlady, oňa gatnaşmak üçin Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan 200-den gowrak wekiller Türkmenistanyň paýtagtyna geldiler. Şu ýyl forumyň temasy - «Arkalaşygyň umumy ynsanperwerlik giňişligi: medeniýet, ylym, bilim ulgamynda gatnaşyk» bolup durýandyr. Plenar mejlisleriniň we...
AŞGABATDA GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞUK
2019-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin gelen bu Geňeşiň başlygynyň orunbasary I.Kuzmin bilen duşuşyk geçirildi. Myhman Türkmenistan tarapyndan GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi boýunça alnyp barylýan taýýarlyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi we bu çäräniň oba hojalyk ulgamynd...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK BOLDY
2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 15-16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna, şeýle-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde geçiriljek...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özarabähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň halkara guramalaryny...
TÜRKMENISTANYŇ GDA-DA BAŞLYKLYK ETMEKLIGIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILJEK ÇÄRELER
2019-njy ýylyň 15-16-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmekligiň çäklerinde Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem-de GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu çäreleriň işine gatnaşmak üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistana geler. Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenist...