SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.A.Guminskiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda myhman türkmen tarapyna myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şu ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ýurduň başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan t...
TÜRKMENISTANDA SAUD ARABYSTANYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Aşgabatda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi, ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Saud Arabystanynyň Media ministrligi tarapyndan gurnaldy. Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mek...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BALKAN WELAÝATYNA BARDY
2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşynyň halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soňra dabaraly çäre mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen kenarýaka şäheriniň howa menzlinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň howa gämisi gondy. Belent mertebeli myhmana ýokary derejede hezzet-hormat edildi. Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşini mähirli garşylady. Howa menzilinden Döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni Gyýanly şäher...
TÜRKMENISTAN WE MONGOLIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA
2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Myhmanlaryň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Mongoliýanyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Batmýonhiýn Batseseg ýolbaçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň yzygiderli esasda geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurd...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistana döwlet sapary başlandy. 2019-njy ýylyň 17-nji martynda resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň Prezidenti Mun Çže Ini «Oguzhan» Köşkler toplumyna çagyrdy, bu ýerde ikiçäk görnüşdäki türkmen-koreý gepleşikleri ge...
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA ÖZARA BÄHBITLI IŞEWÜR HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY KESGITLEDI
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy. Mejlise gatnaşmak üçin Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda puda...
ANKARA ŞÄHERINDE TÜRKMEN TALYPLARYNYŇ ARASYNDA FUTBOL BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
Türkmenistanda 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi we her ýylyň 5-nji apreli – 5-nji maýy aralygynda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň biraýlygy mynasybetli, 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde Ankara şäherinde ýerleşýän Hajettepe döwlet uniwersitetiniň sport stadionynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki uniwersitetlerde bilim alýan türkmen talyplarynyň, Ilçihananyň wekilleriniň we Ankarada ýaşaýan...