SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «DÖM-NYŇ ÝAŞ ILÇILERI» BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýerleşen Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan geçen ýyl yglan edilen «DÖM-nyň Ýaş ilçileri» atly bäsleşigiň ýeňijileri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda bäsleşigiň ýeňijilerine bu bäsleşikde gazanan ýeňişleri bilen baglylykda gutlaglar aýdyldy we Durnukly ösüş ma...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «HAZAR DEŇZI – GARA DEŇIZ» HALKARA ULAG UGRUNYŇ DÖREDILMEGINIŇ TASLAMASY BOÝUNÇA DÖRTTARAPLAÝYN DUŞUŞYGA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ugrunyň döredilmeginiň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýörite duşuşygynyň gün tertibine «Gündogar-Günbatar» ykdysady hyzmatdaşlygynyň geografiki ugrunyň möhüm böle...
TÜRKMENISTAN BILEN KOREÝA RESPUBLIKASY MEDENI-YNSANPERWER ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet we jemagat diplomatiýasynyň işleri boýunça Baş direktory j-p Hong Seok Iniň ýolbaşçylygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň uly kuwwaty hakynda aýdyp, taraplar, ilki bilen, bu gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşykla...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň Başlygy (ýerleşýän ýeri Anakara ş.) jenap Kristian Bergeriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli derejede berkidilendigini belläp geçdiler. Şeýle hem wekiliýetiň ýolbaşçylary Türk...
TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ WEKILIÝETLERINIŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 3-nji martynda Buharest şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary tarapyndan başlyklyk edilýän daşary syýasat edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşyldy. Daşary işler ministrleri Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň ýokary derejesini bellemek bilen, ýokary döwlet derejesinde kemala gel...
DÖWLET BAŞTUTANYŇ “ALTYN ASYR” KÖLÜNE IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” kölünde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bu sebitde bellenilen maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşyp, diplomatik wekilh...
“TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI” BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 18-NJI MEJLISI BRÝUSSULDE GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýussel şäherinde “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaýlary, maýa goýumlar...