SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-inde Kuba Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Niewas Portuondonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyklaryň ähmiýetleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Kubanyň BMG-niň çäklerinde biri-biriniň öňe sürýän tekliplerini goldaýandyklary bellenilip geçild...
BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri we Ýewropada bosgunlaryň we migrantlaryň meseleleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy hanym Afşan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen hökümeti we ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlyklary boýunça 2016-2020-nji ýyllardaky döwri üçin Dö...
Gamburgda “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergisi
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiki sergisiniň açylyşy boldy. Açylyş dabarasyna 400 golaý adam gatnaşyp, olaryň arasynda Gamburg şäheriniň medeniýet boýunça edarasynyň, nemes muzeýleriniň ýolbaşçylary, Gamburgda akkreditirlenen diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, Germaniýanyň ylym gurşawlarynyň wekilleri, german jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem türkemn diaspor...
Astanada GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde GDA-nyň agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň aktual meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Giňişleýin düzümde geçirilen mejlisiň gün tertibinde 15 sany dürli ulgamlarda hyzm...
Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi. Iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan Mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň meseleleriniň giň toplumy go...
Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty dabaraly ýagdaýda açyldy
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra sport topl...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna
Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birligi — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diý...