RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Okt

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri

2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Lýudmila Rýumina adyndaky medeni folklor merkezinde bu gezek ugry Moskwa we Sankt-Peterburga uzap gidýän Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy uly gala konsert bilen başlandy. Açylyş dabara Russiýanyň medeniýet edaralarynyň jogapkär işgärleri, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurtly diplomatlar, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, KHBS wekilleri, ylym we...

DOWAMY
19 Okt

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-türk konsullyk geňeşmelerine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň başlygy j-p Mehmet Samsaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar iki döwletiň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özaragatnaşyklary ösdürmegi...

DOWAMY
19 Okt

Iordan Haşemit Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmaga gelen Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara.ş) jenap Ismail Issa Ismail Rifae bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi öz ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen-...

DOWAMY
18 Okt

Aşgabatda Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 16-18-nji oktýabrynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. M...

DOWAMY
18 Okt

ÝHHG Türkmenistanda energetika infrastrukturasynyň desgalarynyň terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerinden goragy boýunça amaly okuw gurady

2018-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda töwekgelçiliklere baha bermek we howply ýagdaýlary dolandyrmak boýunça amaly okuw kursy geçirildi. Energetika infrastrukturasynyň desgalaryna gönükdirilen terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerine taýýar bolmak we olara bolan goraglylygy güýçlendirmek onuň esasy meselesi bolup çykyş etdi. Bu çäre Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Sekretariatynyň Transmilli howplara garşy hereket etmek boý...

DOWAMY
17 Okt

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk Bayramy gutlandy

2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän "Swiss" myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi. Kabul edişlige Türkiýe Respublikasynyň Mejlisiniň käbir deputatlary, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, welaýat häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzda işleýän işewür adamlar, daşary ýurt Ilçihanalarynyň, halkara gu...

DOWAMY
17 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Gyýanlyda geçirilen nahal ekmek çäresine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda işe girizilmegi bilen 1000-e golaý iş ýerini döretmäge mümkinçilik beren Gyýanly şäherçesiniň polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, soňra täze gazhimiýa toplumynyň ýanynda ilkinji agajy ekmek bilen güýzki nahal ekmek möwsümine badalga berdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjyna halk hojalygynyň pudaklarynyň hemmesiniň diýen ýaly wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar, şeýle-de Türkmenistanda akkredit...

DOWAMY